Luka bölüm 11

Isa din mugallymlary bilen

41 *Isanyň ene-atasy her ýyl *Pesah baýramynda *Iýerusalime gidýärdiler. 42 Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler. 43 Baýramçylyk gutarandan soň, olar öýlerine dolandylar. Ýetginjek Isa bolsa Iýerusalimde galdy, emma Onuň ene-atasynyň mundan habary ýokdy. 44 Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly geçdiler. Onsoň Ony dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasyndan gözläp başladylar. 45 Ony gözläp tapmansoňlar, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46 Üç günden soň, Ony *ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi. 47 Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48 Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi. 49 Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50 Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler. 51 Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy. 52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.

Dowamy şu taýda.

Share
Share icon